Google-yň ses kabul ediji ulgamynda iş amal etmek üçin 10-15 sekunt gerek bolýar. Bu onuň bilen meňzeş Shazam programmasyndan hem pes derejede bolýar. “Говорит Москва” radioýaýlymynyň habar bermegine görä, Google özüniň bu ulgamyny kämilleşdirip, aýdymlary sykylyk esasynda tapmak mümkinçiligini girizipdir.
Bellenişine görä, Google Assistant ulgamy gerek bolan aýdymy hiňlenmeler esasynda hem tapyp bilýär. Gözlegiň has täsirli bolmagy üçin ol özünde birnäçe dilleri hem jemleýär. Emma munda gözlegi amala aşyrmak üçin 10-15 sekunt ýaly wagt gerek bolýar. Bu diňe wagt babatda şeýle.
Kompaniýanyň beýle şertleri öz ulgamynyň goruna girizendigi hiç hili aýdylmaýar. Esasy zat, bu ulgamyň ýatkeşligi pes adamlar üçin niýetlenendigi we onuň kömegi bilen islendik aýdymyň heňini bilip ony tapyp bolýar.