Samsung kompaniýasynyň täze Galaxy S21 smartfony eýýäm şu ýylyň ahyrlaryna köpçülikleýin ulanyjylara ýetiriler. Bu barada “Российская газета” ýazýar.
Käbir internet portallarynda bellenişine laýyklykda täze smartfon köp babatda öňümizdäki aýyň dowamynda köpçülige ýetirilmegi mümkin. Bu bolsa adaty göz öňüne tutulýan seneden 6 hepde irdir. Koreýanyň kompaniýasynyň satuw babatda howlukmagynyň sebäbi, satuwy kän bir kanagatlandyrmaýan Galaxy S20 modeliniň ornuny çalyşmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon 875 ulgamynyň öndürjekdigi barada hiç hili maglumat berilmeýär. Bilermenleriň bellemeklerine laýyklykda, bu Samsung Galaxy S21 smartfon kysmynyň döredilmegine we köpçülige ýetirilmegine hiç hili bökdençlik döretmeýär.