Disneý «Disney +» ýaýlym hyzmatyny ösdürmäge we onuň üçin ýörite mazmun döretmäge işjeň girişer. Studiýanyň täze başlygy Bob Çapek bu barada CNBC-ä aýtdy. Kompaniýa häzirki wagtda öz taslamalaryny adaty formatda ýa-da onlaýn görnüşde çykarmagyň oňaýly we oňaýsyz taraplaryny seljermäge çalyşýar.
Çapek bu strategiýanyň pandemiýa bilen baglanyşykly däldigine garamazdan, munuň ýaly netijäniň gazanylmagynda pandemiýanyň hem ep-esli itergi berendigini belläp geçýär. Onuň sözlerine görä, studiýa üç sany täze bölümi döretdi. Emma iri göwrümli özgertmeler sebäpli işgärleriň azalmagy mümkin.


Köp teatrlar tomaşaçylara gapylaryny ýapmaga mejbur bolansoň, Disneý Mulan we Soul multfilimlerini “Disney +”-de goýberdi. Golaý wagtlarda bu tejribe köpsanly kompaniýalar üçin adaty ýagdaýa öwrüler.