Şu ýyl BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşine Özbegistan we ýene-de 14 sany ýurt goşuldy. Geňeş agzalary üç ýyl möhlet bilen gizlin ses bermek arkaly saýlanýar. Ine bu ýyl bolsa, Özbegistan taryhda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky geňeşiniň agzasy saýlandy. Bu barada BMG-niň habarlar merkezi maglumat berýär.
Hasabata görä, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan BMG adam hukuklary baradaky geňeşine aşakdaky 15 ýurt üç ýyllyk möhlete saýlandy: Özbegistan, Russiýa, Ukraina, Boliwiýa, Hytaý, Kot-d’Iwuar, Gabon, Kuba, Fransiýa, Malawiýa, Meksika we Nepal, Pakistan, Senegal we Angliýa.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň organy bolan adam hukuklary baradaky geňeşiniň häzirki wagtda 47 agzasy bar.
BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşine 15 sany ýurt saýlandy
