Kaştankanyñ giñ ýaýran ýeri, ata watany Anadoludyr, has dogrusy Türkiýedir. Bilinýän ilkinji ady Lidiýa almasydyr. Grekler bu ösümligi Teselýa ýarymadasynyň Kastania diýen ýerinde ýetişdirip başardylar hem-de täze adyny dakdylar.

Sentýabr-Oktýabr aýlarynda gowy ýetişýändir. Ilki gül açar, arylara iýmit bolýar, soň güller dikene öwrülýär. Diken bolsa dem aljak bolup agzyny açýar, agzyndan size sowgat berýär. Olaram dogan ýaly birinji, ikinji, üçünji kaştankalardyr.
Ýapraklaram özboluşly bir geňdir. Ilki ýapragyň ujy saralar, galan ýerem ýaşyldyr. Soň saralan ujy goňur bolar, ýapragyň ortasy saralar, düýbi entegem ýaşyldyr. Üç reňki bir wagtda görmek adamlara lezzet berer, göwnüni göterer. Soň ujy bilen ortasam goňur bolar, düýbi bu gezek saralar. Ahyrsoňy hemme ýerem goňur bolar we ýapraklar ýere gaçmak bilen bolar.

Hudaýberdi Baýew