«Intel»-iň baş direktory Robert Swonuň sözlerine görä, doly awtonom transport serişdesiniň peýda bolmagyna 2025-nji ýyldan başlap garaşybermeli. Milliarder Ilon Mask häzirki döwürde awtomatlaşdyryşyň orta statistiki sürüjiden has howpsuzdygyny belleýär. Ol şu ýylyň ahyry na çenli belli bir ugur boýunça robotlaşdyrylan taksini ulanyşa goýbermekçi bolýandygyny aýtdy.
Bu babatda «Tesla»-nyň eýesi «NVIDIA» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensenem Huangam bilen pikirdeşdir. Ol awtopilot ornaşdyrylan hususy awtoulag we dolandyryş enjamlary bolmadyk robomobil — bular iki sany biri-biri bilen düýbünden tapawutlanýan ewolýusiýa ösüşidigini we taksiniň hususy transportdan has ir dolanyşyga geljekdigini aýdýar.

Haýtgulyýew Möwlam,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby