LeBron Jeýmsiň NBA-daky karýerasynda dördünji gezek şahsy baýragyna mynasyp bolanyndan soň, Twitterde bir hepdäniň dowamynda ulanyjylaryň arasynda analitik pikir soraşma geçirildi.
Bu pikir soraşmada iki beýik basketbolçynyň, LeBron Jeýmsiň hem-de Maýkl Jordanyň haýsy biriniň ABŞ-nyň basketbol taryhynda iň güýçli türgendigi baradaky mesele derňeldi. Onda her ştatyň ulanyjysy öz şahsy pikirini teswir zolagynda beýan etdi.
Sporting News neşiri bu barlagda ABŞ-nyň prezidentiniň saýlawyndaky usuldan peýdalanyp, her ştatyň degişli meseledäki pikirlerini hasaba aldy. Netijede bolsa saýlawçylaryň 345 sanysy LeBron Jeýmse, 193 sanysy bolsa Maýkl Jordana ses berdiler. Şeýle hem 29 ştatyň LeBron Jeýmsi, 21 ştatyň bolsa Jordany iň güýçli hökmünde saýlandygyny bellemek gerek.
Maýkl Jordany öz dogduk mekany bolan orta atlantik regiony has tapawutlandyrdy. Sebäbi bu sebit Jordanyň önüp-ösen hem-de karýerasynyň agramly bölegini geçiren ýerleri. Ol “Çikago Bullzyň” düzüminde 6 gezek şahsy baýragyna eýe boldy.
Jeýmse bolsa Ogaýo, Florida hem-de Kaliforniýa ştatlary ýokary ses berdiler. Bu sebitde Jeýmsiň karýerasynyň dowamynda çykyş eden “Kawaliers”, “Heat” hem-de “Leýkers” toparlary ýerleşýär.
Ähli döwürleriň ägirdi
