Köpimiziň bilşimiz ýaly, Antarktida Ýer şarynyň ýaşaýyşsyz, diňe buzluklara bürenen bölegi. Ol ýerde beýleki kontinentlerdäki ýaly haýwanat dünýäsiniň baý wekilleri hem ýaşanok. Emma özboluşly aklyk bolup öwsüp duran bu tebigata diňe iş sapary bilen az sanly ylmy-barlag geçirijiler wagtlaýyn barýarlar. Onuň köp bölegini buzlar tutýar we bu özboluşly gözelligi emele getirýär.
Ululygy boýunça Ýeriň bäşinji kontinentiniň buzlarynyň astynda 400 töweregi kölüň bardygy kesgitlenýär, emma häzirlikçe olaryň bary-ýogy dördüsiniň üstüni açmak başartdy. Ilkinji şeýle hili köli 2012-nji ýylda rus hünärmenleri açdylar. Bu bolsa 3 sany täze bakteriýanyň ýüze çykmagyna getirdi. Mysal üçin, WPS 2 we AD3 ýaly bakteriýalar alymlar üçin täze açyş bolup hyzmat etdi.
Antarktidanyň syry diňe bir köller bilen çäklenmeýär. Ýakynda Tueýtsiň buzlugynyň astyndan 14 milliard tonna buzuň eremegi netijesinde emele gelen, meýdany 40kwadrat kilometre we beýikligi 300 metre ýetýän boşlugyň üstüni açdylar. Bu bolsa alymlar üçin täze bir problemany döredip biler. Sebäbi boşlugyň emele gelmegi bilen aýzbergleriň hem ýykylmagy bolup geçýär. Ol bolsa Ýer ummanynyň suwunyň artmagyna getirip bilýär.
Bu “buzlar dünýäsiniň” ýene bir aýratynlygy — onuň çäginde ýerleşýän wulkanlary (Olar jemi 91 sany). Mysal üçin, Rossa adasyndaky Erebus dagyny muňa mysal getirmek bolar. Onuň wulkanik işjeňligi netijesinde ýerasty gowaklaryň birnäçesi emele gelipdir. Olarda bolsa dürli hili DNK-lar tapylýar. Bu bolsa ol ýerde ösümlikleriň heniz ylma mälim bolmadyk görnüşleriniň bardygyny görkezýär.
Bu kontinentiň ýene bir tymsaly, ol hem bu ýerde gijelerine ýer titremesiniň bolup geçýänligidir. Alymlar muny ylmy taýdan kesgitlemek bilen, onuň sebäbini buzlaryň eremegi bilen baglanyşdyrýarlar.
Antarktidanyň buzlarynyň syry
