Häzir smartfon bazarynda esasy amatly 5G ulgam esasynda işleýän OnePlus Nord smartfony bar. Onuň bahasy 340 dollar diýlip kesgitlenýär. Geçen aýda Reliance Jio kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mukeş Ambani ýurtda täze 5G ulgamynda işleýän amatly bahalarda hödürlenjek telefonlary öndürjekdigini belleýär. India Economic Times neşirinde berilýän habarda kompaniýanyň täze meýilleşdirýän Jio atly önüminiň bahasynyň 34 dollara barabar boljakdygy aýdylýar.
Ilkinji nobatda, Reliance Jio kompaniýasy 5G aragatnaşyk ulgamynda işlejek Jio smartfonlaryny döretmegi göz öňüne tutýar. Olaryň bahalary takmynan 70 dollar töweregi bolar. Satuwyň mukdarynyň artmagy bilen baglylykda, kompaniýa olaryň iki modeliniň bahalaryny hem 34-41 dollar aralygyna getirmek isleýär. Bu bolsa ulanyjylar üçin örän amatly bahadyr.
Bellemeli zatlaryň biri, Reliance Jio kompaniýasynyň şahsy 5G aragatnaşyk ulgamyny döretmegi hem ýola goýjaklygydyr. Netijede kompaniýanyň umumylykda maksady 2G ulgamyndan peýdalanýan 300 million ulanyjyny 5G ulgamyň ulanyjysy etmek bolup durýar. Meýilleşdirilýän smartfon we telefon barada aýdylanda, olar indiki ýyl köpçülige ýetmegine garaşylýar. Ýakynda bolsa kompaniýa 50 dollar bahasy bolan 4G ulgamly smartfony satuwa çykarar.
Arzan 5G smartfonlar öndüriler
