Dail Mail neşiri “Liwerpul” futbol toparynyň öňki futbolçysy Stiw Finnanyň Çempionlar ligasynda gazanan medalyny auksiona çykarandygyny habar berýär. Futbolçynyň bu baýragy, bilşimiz ýaly, 2005-nji ýylda “Liwerpul” toparynyň “Milandan” üstün çykmak bilen gazanan baýragydyr. (3:3 we 3:2 penalty netijeleri boýunça).
Onuň bu baýragyny satlyga çykarmagynyň sebäbi futbolçynyň maddy ýagdaýynyň pese düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi onuň gurluşyk kompaniýasy bankroda düşdi. Bellenişine laýyklykda, Finnanyň Çempionlar ligasynyň finalynda gazanan bu medalyny 13-17 müň ýewro bahalandyrýandygy aýdylýar.
Mundan başga-da, futbolçy özüniň ady ýazylan futbol köýnekçesini hem satuwa çykarýandygy aýdylýar. Ony bolsa Finnan 2,2 müň ýewro bahalandyrýar. Şeýle hem ýakynda Adil Raminiň 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatyndaky gazanan altyn medalyny satuwa çykarýandygy habar berlipdi.