Ýaponlaryň awtoulaglary öndürýän meşhur Toyota kompaniýasy ýakyn geljekde dünýäniň awto bazaryna täze awtoulagyny çykarar. Häzirlikçe onuň köpçülige ýetiriljek anyk senesi görkezilmeýär. Habar berlişine görä, ol GR sport awtoulaglarynyň belgisi bilen atlandyrylar.
Täzeçe kysymda dörediljek Land Cruiser awtoulagy 4 litrlik, 350 at güýjüne deň bolup durýan hereketlendiriji bilen üpjün ediler. Diňe bir motory bilen baglylykda däl, eýsem daşky keşbi boýunça hem ol özüniň adaty görnüşinden tapawutly bolar. Täze awtoulagyň nowa böleginde täze berk dinamik elementler ýerleşdiriler.
Bellenilişine görä, bu awtoulagyň adaty görnüşi 3,5 litrlik, 279 at güýjüne deň bolan V6 motoryna eýedir. Ähli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berilýän habarlara laýyklykda täze Land Cruiser awtoulagy öňümizdäki ýylda köpçülige ýetiriler. Emma häzirlikçe onuň anyk senesi bilen bagly maglumatlar berilmeýär.