RIA Novosti habarlar gullugy TeachRadar portalyna salgylanmak bilen Apple kompaniýasynyň täze meşhur TWS nauşnikleri barada ilkinji maglumatlaryň mälim edilenligi barada belleýär.
Mälim bolşy ýaly, Apple AirPods Pro 2 nauşnikleri 2021-nji ýylyň ikinji ýarymyndan öň köpçülikleýin satuwa çykarylar.
Bellenişine görä, bu adaty görnüşlerinden düýpli tapawutly bolup, onda daşky täsiri bolan sesleriň eşidilmeginiň öňüni almak hem-de gadjetiň awtonomlygy ýaly has kämilleşdirilen aýratynlyklary bar.
Insaýderler bu nauşnikleriň daşky gurluşynda täzeçe ýagtylandyryjylaryň, datçikleriň boljakdygyny aýdýarlar. Beýle hili sensorlar biometrik ölçeglerde ulanylýar.