Amerikanyň hünärmenleri ýörite wiruslary ýok ediji aýratynlygy bolan agyz-burun örtüklerini döretdiler.
Today News Ufa internet saýtynyň bellemegine laýyklykda, bu örtügiň aýratynlygy onuň gyzdyryjy ary bal setkasy bilen örtülenligidir. Beýleki örtükler bilen deňeşdirilende bolsa, wiruslary öldürýänligi bilen tapawutlydyr. Adaty örtükler bolsa, bilşimiz ýaly wiruslaryň aralaşmagyndan goraýar.
Hünärmenler bu ugurda medisina örtükleriniň şeýle täsirli görnüşleri bilen pandemiýanyň başlan wagtyndan bäri gyzyklanýarlar. Emma olaryň hem hiç biri wirusy ýok etmäge ukyply däldir. Geçirilen eksperimentleriň netijelerine laýyklykda, infeksiýa garşy göreşmegiň iň ýokary täsirli usuly gyzdyryjy element bolup çykdy.
Alymlar bu prosesiň temperatura diapazony bilmek üçin niýetlenen matematik modeli işläp düzdüler. Netijede hem görkezijiniň Selsiý boýunça 90 gradus derejesiniň wirusyň konsentrasiýasyny peseltmäge mümkinçilik berýänligi anyklandy. Ýokary temperaturany gazanmak üçin ary balynyň 0,1 millimetr galyňlykdaky setkasyndan elektrik toguny geçirdiler. Ilkinji prototipler 9 wolt batareýa deň boldy. Netijede bu örtük birnäçe sagadyň dowamynda gyzýar we daşyndan agzymyza hem burnumyza girýän howany sowadýar.