KamAz awtoulag kompaniýasynyň önümçiliginde soňky wagtlarda adaty däl, tipik bolmadyk konfigurasiýaly awtoulaglaryň görnüşleri peýda bolýar. Täzelikde bolsa şolaryň hatarynda ýapyk nowaly ýük awtoulagynyň täze görnüşi döredilip başlandy. Täze awtoulagy KamAZ – 65223 diýip atlandyrdylar.
KamAZ awtoulagynyň hünärmenleri tarapyndan göz öňüne tutulan bu awtoulag geljekki “Dakar” marafon ýaryşy üçin dörediler. Adatça, KamAZ kompaniýasy öndürýän awtoulaglaryny ýapyk nowaly görnüşde öndürmeýärdi. Bu diňe ýörite sargyt boýunça amal edilýär.
Ýapyk nowaly täze awtoulagyň ilkinji suratyny “KamAZ-Master” sport toparynyň ýörite taslamalar boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary Wadim Waleýew öz Facebook hasap sahypasynda köpçülige ýetirdi.
Awtoulagyň yzynda iki skatly tigirler oturdylandyr, ýapyk nowasyndaky kabinasy bolsa Mercedes-Benz Zetros awtoulagynyňky ýaly görnüşdedir. Motorynyň aýratynlygy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär. Onsoňam, awtoulagyň haçan ýygnaljakdygy, satuwa çykaryljakdygy belli däl.
Awtoulagyň göwrüminiň bu hili döredilmegi ýöne ýerden däldir. Onuň sport awtoulagy hökmünde şeýle hili nowada bolmagy tizligine täsirini ýetirýän özboluşlylygydyr. Täze awtoulag 12,5 litrlik Caterpillar C13 hereketlendiriji bilen üpjün edilip, onuň motorynyň kuwwaty 1030 at güýjüne deň boljakdygy habar berilýär. Ýaryş üçin niýetlenen bu awtoulagyň ilkinji nusgasy 2015-nji ýylda döredilipdir. Onuň esasy hökmünde bolsa 4326 modeli hyzmat edipdi.
Kabinasy bilen nowasy Mercedes-Benz Zetros awtoulagynyňky ýaly görnüşde ulanylan şol awtoulagy diňe rus milli ýaryşlarynda, şeýle-de “Ýüpek ýoly” bäsleşiginiň çäklerinde peýdalanypdyrlar.