UFC açyk çempionatynyň ýarym orta agram derejesinde ilkinji üçlügiň hatarynda çykyş eden britaniýaly Leon Edwards bu ugurda işjeň çykyş etmeýänligi üçin gurama tarapyndan ýaryşyň resmi reýtinginden çykaryldy. Bu barada sport žurnalisti Koul Şelton türgeniň öz sözlerini getirmek bilen hgabar berýär.
Netijede TOP üçlüge Horhe Maswidal goşuldy, şol sanda reýtingdäki 15-nji orna hem Belal Muhammad geçdi. 29 ýaşly Leon Edwards iň soňky duşuşygyny geçen ýylyň iýulynda geçiripdi. Şonda ol Rafaýel Dos Anýos bilen tutluşyk geçirip, emin agzalaryň netijesi boýunça ýeňiji diýlip yglan edilipdi.
Şol duşuşygyndan soň bolsa onuň Taýron Wudli bilen geçirmeli duşuşygy koronawirus pandemiýasy zerarly ýatyryldy we soňraky guşak üçin geçirilmeli tutluşyklary, şol sanda Kamaru Usmana garşy söweşi hem goýbolsun edildi.
Guramanyň Edwardsy reýtingden çykarmagynyň esasy sebäbi hem onuň Stiwen Tompson bilen geçirmeli duşuşygyny bes etmegi bilen baglanyşyklydyr. Bellesek, Tompson bolsa reýtingiň 4-nji basgançagyny eýeleýär.