Ýañy ýakynda, ýagny 25.10.2020ý. senesinde geçirilen “Portugaliýa Grand Prix”inde baş baýragy Lewis Hamilton almagy başardy. Şeýlelik bilen F1-iñ taryhynda jemi 91 gezek iñ köp 1-nji bolan Germaniýaly sürüji (pilot) Michael Schumachere degişli bolan rekordy, 92 gezek iñ köp 1-nji bolan Lewis Hamilton eline aldy.
Michael Schumacher 91-nji ýeñşini 2006-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen ýaryşda ýeñiji bolupdy. Şol wagtlar “Bu rekordy hiç bir sürüji täzeläp bilmez” diýýärdiler. Sebäbi Michael Schumacher şol möwsüm hem çempiýon bolmak bilen bir hatarda, jemi F1-iñ 7 möwsüm çempiýony diýlip yglan edilipdi.
Lewis Hamilton hem şuwagta çenli jemi 6 gezek möwsümiñ çempiýony diýen ada mynasyp boldy. Bu möwsümde şuwagta çenli 12 ýaryş geçirilen bolsa, Hamilton 8 gezek birinjiligi eýelemek bilen, jemi 256 utugy öz hasabyna ýazdyrmagy başardy, sürüjiler sanawynda bolsa ep-esli arany açmak bilen bu möwsümiñ çempiýony bolmagy hem uly ähtimallardan biri.
Michael Schumacher kariýerasynda jemi 155 gezek münbere çykan bolsa, Lewis Hamilton 160 gezek münbere çykdy. Michael Schumacher Ferrari awtoulagyny süren bolsa, Lewis Hamilton McLaren awtolugany sürmäge dowam edýär.
Hudaýberdi Baýew