Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 868 raýatyň Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda gol çekdi. Türkmenistanyň Lideri ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi.
Iş maslahatynyň barşynda Baş prokuror Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Döwletimiz eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara Garaşsyz Watanymyzyň depginli ösüşine işjeň gatnaşyp, öz günälerini halal zähmet bilen ýuwmaklary üçin zerur mümkinçilikleri döredýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, şeýle hem beýleki ýolbaşçylaryň günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmelidigini aýdyp, günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.