Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) reýtinginde eýeleýän ornuny ýokarlandyrdy. FIFA-nyň täzelenen reýtinginde ol 131-nji ýere düşdi. Mundan öň, (25-nji iýuldaky täzelenişde) ol bir san aşakdady.
Soňky tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy topary 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama  tapgyrynda iki sany duşuşyk geçirdi. Ol Şri-Lankany 2:0 hasabynda ýeňdi we Koreýa Respublikasyndan 0:2 hasabynda ýeňildi.
FIFA-nyň reýtinginde öňdeligi öňküsi ýaly Belgiýanyň ýygyndysy eýeleýär. Fransiýa 3-nji orundan 2-ä galdy, Braziliýa bolsa degişlilikde 3-e düşdi. 4-nji ýerde Angliýa saklanyp galdy. Portugaliýanyň ýygyndysy 6-njy ýerden 5-e galdy. Degişlilikde Urugwaýyň ýygyndysy bolsa, 6-njy ýere düşdi.
2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy 10-njy oktýabrda myhmançylykda Liwanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Beýrytdaky «Kamil Şamun Sports Siti» stadionynda 19:00-da başlanar.