27-nji oktýabrda meşhur alma kompaniýasynyň metbugat gullugy Apple Music programmasynyň täzelenmesiniň döredilendigini habar berdi. Bu barada habar berilmeginiň sebäbi ýöne ýerden däldir. Ol özünde käbir amatlykly mümkinçilikleri jemleýär.
Täzelenmäniň Android wersiýasy Iphone üçin iOS 14 täzelenmesi bilen baglanyşykly bolan birnäçe üýtgeşmäni öz içine aldy. Bu babatdaky ütgeşmeleriň hatarynda maslahat berilýän mazmunyň daşky görnüşiniň, gözlegiň gowulandyrylmagynyň käbir aýratynlyklaryny belläp geçmek bolar.
“Android Music” -iň täze wersiýasynda iphone-da ýetmezçilik edýän bir aýratynlyk bar — bu bolsa gadjetiň işinde bir aýdymdan beýlekisine bökdençsiz geçmek ukybydyr. Bu aýratynlyk macOS-a hem goşuldy.
“Apple Music” programmasynyň esasy mümkinçilikleriniň biri hem onuň Instagram, Facebook we Snapchat Stories programmalaryna eksport etmek şertiniň barlygydyr.