Barselonanyň ispaniýaly goragçysy Žerar Pike toparynda çykyş etmegini dowam etdirmek üçin 50 göterim aýlyk hakyna gol çekmäge razy boldy. 33 ýaşly futbolçy katalonlylar bilen şertnamany 2024-nji ýyla çenli uzaltdy. Mundan başga-da, Pike karýerasyny wagtyndan öň tamamlamaga ýa-da MLS ligasynyň futbol toparlarynyň birine, has takygy karýerasyny ABŞ-nyň esasy futbol ligasynda dowam etdirmäge mümkinçilik alar. Sport.es-iň habaryna görä, gol çekilen şertnamada degişli aýratynlyklar barada agzalyp geçilýär.
Bu şertnama, Pikeniň karýerasyny Ýewropa toparlarynyň birinde dowam etdirmek mümkinçiligini aradan aýyrýar. Şeýle-de bolsa, Barselonanyň özi onuň bilen hyzmatdaşlygy wagtyndan öň kesip biler. Goragçy şu möwsümdäki geçirjek çykyşlarynyň azyndan 35 göteriminde çykyş etmese, katalon toparynyň ýolbaşçylarynyň onuň bilen bagly şertnamany ýatyrmaga hukugy bolar.
Pikeniň Barselona toparynyň ýaşlar düzüminden çykandygyny ýatladýarys. Ol bu toparyň esasy düzüminde çykyş edeninden bäri, umumylykda 549 sany geçiren duşuşyklarynyň netijesinde 47 gezek gollary bilen tapawutlanandygyny aýtmak bolar.