Apple kompaniýasy özüniň resmi saýtynda kompaniýa tarapyndan döredilen ilkinji MagSafe simsiz zarýad beriji ulgamlaryň enjamlar üçin zyýanlydygyny duýdurdy.

Apple-iň MagSafe zarýad beriji ulgamlary aslynda iPhone smartfonlaryndan peýdalanýanlar üçin dürli hili kynçylyklary dörediji zeperleri ýetirip bilýär. Bu enjamyň köp işledilen mahalynda onuň ýokary derejede gyzmak bilen smartfona oturdykan çeholy, onuň içine berkidilen şahsyýetnamalardyr bank kartlaryny, pullary ýakyp biler. Bu tejribedäki ýüze çykan ýagdaýlar esasynda bellenip geçilýär.

Bu hili ýagdaýda kompaniýa ulanyjylara degişli enjamdan peýdalanmakda mümkin bolan usullary maslahat berýär. Mysal üçin, smartfon bu enjamyň kömegi bilen diňe salkyn ýerde zarýadlandyrylyp bilner. Bu bolsa enjamlaryň ikisi üçin hem zyýanly däldir we bu ýagdaýyň ýeke-täk çykalgasydyr.

Mowzukdan daşary belläp geçsek, Apple kompaniýasynyň hususy gözleg ulgamyny işe girizendigi we onuň Google bilen bäsdeşlige ukyply boljakdygy barada maglumat berilýär.