Häzirlikçe bu gürrüňi edilýän filmiň köpçülige ýetiriljek anyk senesi belli däl, emma onuň şu ýylyň dowamynda dörediljekdigi aýdylýar.
Internet sahypalarynda COVID-19 barada täze treýler filmiň döredilýändigi barada ýazylýar. Ol “Saýrak guş” diýlip atlandyrylyp, onda esasy garşylyk bolup koronawirus çykyş eder. Bu barada igromaniya.ru habar berýär.
Filmiň sýužetinde koronawirusyň Ýer ýüzüne ýaýranyna 4 ýyl bolupdyr, bu wagtyň içinde adamlary öýlerinden çykarmazlyk ýola goýlupdyr. Häkimýet bolsa kesellän adamlary karantin geçilýän ýerlerde bejergide saklaýarlar. Ol ýerden bolsa hiç hili çykyp bolmaýar. Filmiň bu hili sýužeti gyz bilen oglanyň söýgüsine bagyşlanandyr.
Onuň dowamynda Niko (roly Keý Jeý Apa ýerine ýetirýär) atly wirusa immuniteti bolan oglan barada gürrüň berilýär. Ol öýünden çykmagy gadagan edilen Sara (roly Jenna Ortega ýerine ýetirýär) atly gyza aşyk bolýar. Gyzyň wirus bilen kesellänligi ýüze çykarylandan soň, Niko oňa kömek etmäge çalyşýar.