Android üçin niýetlenen Xiaomi Wear 2.0 priloženiýasy täze funksiýalara eýe boldy. Xiaomi kompaniýasy “akylly” braslet-sagatlar we beýleki fitnes funksiýasy bolan elektronikalar üçin mümkinçilikleri döredýän Xiaomi Wear programmasynyň täze wersiýasyny ulanyşa goýberdi.

Xiaomi Wear 2.0 priloženiýasynda ulanyjynyň häzirki wagt bilen deň derejede hereket edýän maglumatlar we status aýratynlyklarynyň täze ulgamy girizildi. Muňa laýyklykda dürli hili gurluş aýratynlyklaryny ýeňil görmek mümkinçiligi döreýär. Şeýle hem bu programma esasynda islendik priloženiýanyň işe giriziliş işjeňligi islendik ýerde we islendik wagtda mümkin bolup, ýönekeýleşdirildi. Bulardan başga-da, maglumatlaryň professional dolandyrylmasy, öý sahypasynda fitnes maglumatlary basym görmek we ş.m aýratynlyklar girizildi.

Sagatda bu priloženiýanyň Start sahypasy indi geçilen ädimler, ýakylan kaloriýalar, türgebleşikler boýunça maglumatlar, ukynyň wagty we ş.m dürli hili maglumatlary özünde jemleýär.

Bu ulgam esasynda ýene-de maglumatlaryň çeşmelerini üýtgetmek mümkinçiligi bardyr. Degişli enjam başga-da Xiaomi Mi Band we Band 5 NFC ýaly gadjetlere birikdirilende pulslary awtomatik ýagdaýda alyp bilýär. Agzalan enjamlardan başgalary bolsa wagtyň geçmegi bilen ulgama birikdiriler.

Häzirlikçe Xiaomi Wear 2.0 priloženiýasyny Androidler üçin diňe Hytaýda işe girizip bolýar. Bu mümkinçilikler iOS üçin bolsa ýakyn günlerde peýda bolar.