Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynda Prezident we senatorlaryñ saýlawy 03.11.2020ý. senesinde tamamlandy.
Belläp geçilmeli zatlaryñ biri hem, şu wagta çenli geçirilen saýlawlarda ses berenleriñ sany mundan öñki saýlawlaryñkydan artykmaç bolmagydyr. Şeýle hem ABŞ-da mail adres arkaly hem ses berilmegi ep-esli wagt dowam edip, ses berilişikde kabul edildi.
ABŞ-nyñ 50 sany ştaty bardyr. Her bir ştatyñ raýat sanyna göra aýry-aýry mukdarda delegasiýasy bardyr. Her haýsy bir ştatda Prezident dalaşgärlerinden kim köp bal alsa, şol ştatyñ näçe sany delegasiýasy bar bolsa, hemmesiniñ ýeñijisi diýip kabul edilýär. Netijede 50 ştatyñ jemi delegasiýa mukdary 538 sanydyr. Kim 270 delegasiýa eýe bolsa, şol hem ABŞ-nyñ täze Prezidenti diýip hasap edilýär.
ABŞ-nyñ täze Prezidenti, has dogrusy 46-njy prezidenti Joe Biden boldy. Ol 1942-nji ýylda doguldy. Uniwersiteti tamamlap aklawjy wezipesinde işledi. Soñra birnäçe ýyllap senator/gubernator boldy. Barack Obama prezident bolan döwürlerinde, Joe Biden prezidentiñ orunbasary wezipesinde işledi.
Ýene bellemeli zatlaryñ biri hem, Amerikalylar saýlawlarda diñe prezident saýlaman, prezidentiñ orunbasaryny hem saýlaýarlar. Joe Biden özüne orunbasar hökmünde Kamala Harisi dalaşgär görkezen bolsa, Donald Trump bolsa öz kömekçisi Mike Penceni täzeden dalaşgar edip görkezdi.
Netijede ýeñiji Joe Biden boldy. Joe Biden Prezidentlik wezipesine 2021-nji ýylyñ ýanwar aýynyñ 20-ne başlar.