Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň medeni durmuşyny, döwlet syýasatyny wagz etmekde kitaphanalaryň alyp barýan işleri, diýseň, uludyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan adalatly, öňdengörüji syýasaty netijesinde ýurdumyz ösüşlikleriň belentliklerine çykýar. Milli Lidermiz häzirki zaman NANO – tehnalogiýalarynyň, internet serişdeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda neşir önümleri bolan kitabyň terbiýeçilik, aň-bilim, çeperçilik we ylmy taýdan ähmiýetini saklaýandygyny nygtap, ýaşlaryň kitaphanalarda kitap okamaga, bilimlerini artdyrmaga işjeň gatnaşmagyny, şeýle hem kitaphana ulgamynda kitaplaryň, daşary ýurt edebiýatlaryny eserleriň görnüşini baýlaşdyrmagy, elektron mümkinçiliklerden doly üpjün bolmalydygyny belledi. Bu bolsa, kitaphana işgärleriniň kitaphana barýan okyjylaryň isleglerini tiz wagtda kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer.
Kitap iň täsin, iň gyzykly gürrüňdeş, dost. Olar bize ýokary medeniýetiň, paýhasly pikirlenmäniň hem-de oýlanşykly hereketiň çür başyna çykmagy öwredýär. Kitap adamzadyň ruhy güýji, ruhy hazynasydyr.
Durmuşda öz ornuňy tapmak üçin, gowy dostlaryňy saýlap almak üçin, ertirki günüňe ynamly ýaşamak üçin kitapsyz adamy gözöňüne hem getirip bolmaýar. Çünki kitap adamyň ýaramaz endiklerden daşda saklaýan, ýüregindäki ýaman niýetlerini päkleýän uly güýçdir. Şonuň üçin hem kitap adamzadyň döreden iň mukaddes gymmatlyklarynyň biridir. Magtymguly atamyz hem:”Kitap gören gullar, magnydan dokdur, olaryň kalbynda şeýtan bolarmy” diýip, parasatly belläp geçipdir. Ata-babalarymyzyň, dana akyldarlarymyzyň aýdan pähim-paýhaslary bolan “Köp okan köp biler”, “Bir okana bir dokana”, “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap okaýanyň ruhy baý” diýen ajaýyp paýhas çeşmeleri kitaba goýulýan sarpanyň, egsilmez ruhy gymmatlykdygynyň şaýadydyr.
Meşhur rus ýazyjysy L.M. Tolstoý:”Kitaplar garrylygyň iň gowy ýoldaşydyr, şol bir wagtda olar ýaşlygyň iň gowy eýeleridir” diýen bolsa, beýik akyldar Alyşir Nowaýy:”Jahanda kitap ýaly söz bolup bilmez” diýip bellän bolsa, meşhur rus ýazyjysy A.S. Puşkin:”Kitap – bu bizi hemişelik özüne gurşap alýan gudratdyr” diýip belläp geçipdir.
Döwletiň kitaphanaçylary halkymyzyň hem-de ýaşlarymyzyň ösen medeniýetli, ylymly-bilimli, terbiýeli, geljekde ýurdumyzyň ykbaly ynanyljak mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerinde, türkmeniň nusgawy ýazyjy şahyrlarynyň gymmatly eserlerini, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk kitaplaryny, alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny halkymyza giňden wagz etmekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna peşgeş beren, biz talyp ýaşlara görelde mekdebi bolup hyzmat edýän “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynda enä goýulýan sarpanyň beýikdigini, enelerimiziň waspyny arşa ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen “Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýylyna Arkadagymyzyň halkyna peşgeş beren, mahlasy türkmen halkynyň geçmişini, uzak wakalary özünde jemlän taryhy çeşmesini, gaýratly, mert, edermen halkynyň taryhy babatdaky janly rowaýatlara beslenen eserleri, ägirtleri, binalary, aramgähleri, minaralaryň waspyny taryplaýan rowaýatlary, gadymy ýüpek ýolyny, kerwen geçen ýollary, daşary ýurtlar bilen türkmenleriň dost-doganlyk söwda gatnaşyklaryny hem-de şu ajaýyp bolelin döwrümiziň janly şaýady bolýan kitaplaryň biri-de “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabydyr. Rowaçlyklara beslenen şol ýylymyzy, gahryman Arkadagymyz: “Türkmenistan – Rowaçlygyň Watany” diýip atlandyrmagy, her bir tutumly işleriň rowaçlyklara ýar bolmagynyň mysalydyr.
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda günsaýyn bedew batly öňe barýan ýurdumyzda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatly işlerinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň sanly bilim ulgamyna geçmegi esasynda döwrebap tehnalogiýalarynyň has-da ösmegi, adam el işleriniň awtomatlaşmagyna, ýeňilleşmegine getirýär. Bu bolsa birnäçe işiň tiz wagtda ýerine ýetirilmegi göz öňüne tutulmagydyr.
Biz talyp ýaşlara okamaga, dünýägaraýşymyzy, bilimimizi artdyrmaga giň mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň galamynyň, mundanam beýläk, ýiti bolmagyny arzuw edýäris. Goý, mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, şeýle hem, ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny, talyp ýüregimizden arzuw edýäris!
Daşoguz welayatynyň Akdepe etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy.