Dünýä tejribesi göz öňünde tutulyp, ýiti ýokanç keselleriň Türkmenistanyň çägine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän adamlar üçin karantin möhletini 14 günden 21 güne çenli artdyrmak kararyna gelindi. Bu barada Orient internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanda “COVID-19” wakasy hasaba alynmady. Şol bir wagtyň özünde, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ýurtda agyz-burun örtügini dakynmak hem-de beýleki çäklendirmeler girizildi.