Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda üçünji aýlawyň oýunlary oýnaldy. Toparçalarda bäsdeşleriň hersi biri-biri bilen bir oýundan oýnap çykdylar we indiki hepdeden başlap, biri-biri bilen ýene-de bir gezekden duşuşyk geçirerler.

Üç tapgyryň netijelerine görä, “Bawariýa”, “Mançester Siti”, “Liwerpul” we “Barselona” mümkin bolan 9 utugyň 9-syny hem gazandy. “Marsel” bilen “Midtýullan” bolsa ýekeje utuk hem toplamady. Mundan başga-da, “Liwerpul” bilen “Çelsi” öz derwezesine ýekeje pökgi-de geçirtmedi.

Dortmundly “Borussiýanyň” hüjümçisi Erling Holann Çempionlar ligasynyň 11 oýnunda 14 pökgi geçirdi.

Lionel Messi ýewrokuboklarda 150 oýna çykyp, (Çempionlar ligasynda – 146, UEFA Super kubogynda – 4) 121 pökgi geçirdi. Mundan köp pökgini diňe Kriştianu Ronalduda (133) bar.