Koronawirusyň bäş esasy alamaty gyzzyrma, üsgülewük, bokurdak agyry, ys we tagam duýgusyny ýitirmek we özüňizi ýarawsyz duýmakdyr. Muny Russiýanyň abraýly alymy, wirusolog Anatoliý Altşteýn mälim edýär.

“Wirusyň 16 alamatlaryny gözlemegiň hajaty ýok. Gyzzyrma, üsgülewük, ys we tagam ýitirmek, bokurdak agyry we özüňizi ýarawsyz duýmak ýeterlikdir. Beýleki 20 alamat barada aýdylanda bolsa, keseliňizi anyklamak üçin meseläni lukmanlara goýuň” lukman alym bu babatda şeýle çürt-kesik jogap berýär.

Bilýän bolsaňyz, ylmy-barlaglar koronawirusyň adam bedenindäki dürli dokumalara, şol sanda nerw öýjüklerine ýokaşyp biljekdigini görkezdi. Emma, Altşteýn başlangyç alamatlar bolmadyk halatynda ikinji derejeli alamatlary gözlemegiň zerurlygynyň ýokdugyny aýtdy.

Altşteýn: “Eger gyzzyrma, üsgülewük ýa-da başga alamatlar ýok bolsa, arkaýyn boluň! Sizde koronawirusa ýokuşanlyk ähtimallygy juda azdyr -diýdi.