Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda demir-beton önümlerini öndürýän zawod açyldy.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň habar berşi ýaly, “Aga gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze desganyň umumy meýdany 6 gektara barabardyr. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy – ölçegi 300 millimetrden 1200 millimetre çenli bolan ýylda 500 müň metr demir-beton turbalaryny çykarmakdan ybaratdyr.
Şeýle-de desganyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik bölümleri hem-de beýleki kömekçi binalar ýerleşdirilendir. Bu ýerde 100-den gowrak iş orunlary, zähmet çekmek üçin zerur şertler döredilendir.