Şu gün Paýtagtymyz Aşgabat şäherimizde Türkmenistanyň ikinji Halk Maslahaty geçdi. Maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Halk maslahatynda çykyş edip ýurdumyzyň 2019-2025-nji ýylyň maksatnamalary we maksatlary barada çykyş etdi.
Şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyň öňi syrasynda geçirilen Halk Maslahaty Yurdumyzyň, Türkmen halky üçin uly bir waka. Türkmen halky üçin Halk Maslahat gadymdan gelýän däplerin biri. Ata-babalarymyzyň däbe öwrülen Halk maslahaty Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.
Prezidentimiz öz çykyşynda ýurdymyzyň ykdysady ösüşiniň derejelerini, eksport we import edilýän harytlaryň artmagy barada belläp geçdi. Ýurdumyzda daşary ýurt harytlaryň ornyny tutýan Türkmen harytlarynyň artmagy, dünýä bazarynda ornunyň pugtalanýandygyny aýtdy. Ýurdumyzy Sanly ykdysadyýete geçmegiň maksatnamalary barada Prezidentimiz belläp geçdi.
Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmegi Türkmen halky üçin bir täze ädim täze depgin boldy. Yürdumyzda Sanly bilim sanly ykdysadyýet çalt depginde ýurdumyzda ornaşdy. Sanly bilimiň ornaşmagy bilen täze ülüňlere laýyk gelýän mekdepler ýokary okuw binalar birnäçesi açyldy. Prezidentimiziň teklip bermeginde paýtagtymyzda Sanly tehnologiýalar merkezini açmak makullanyldy.
Soňra Prezidentimiz Ýurdumyzyň daşarky we içerki syýasatynda gazanylan we ýetilen sepgitler barada belläp geçdi. Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Parahatçylyk we dost doganlyk ýoly saýlap almagy hem Türkmen halkyna mahsus bolan däpleriň biridir diýip Prezidentimiz belledi. Türkmenistan Birnäçe daşary ýurt wekilhanalar bilen işleşip birnäçe maksatnamalar kabul edildi. Olaryň içinde BMG-niň daşky gurşawy goramak, çagalaryň saglygyny goramak hakynda birnäçe maksatnamalary we ýene de başga ençeme maksatlary billelikde seredilip işlenýär.
Halk Maslahatynyň dowamynda Prezidentimiz Türkmenistanyň kanunçylyk edearalaryň wekillerine we Halk Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň konstitusion gurluşyna birnäçe üýtgeşmeleri girizmek hakynda pikirini öňe sürdi. Türkmenistan eýýäm ösen ýurtlaryň hataryna geçmegi bilen Ýurdumyzda Halk Maslahatyna doly derejede hukuk ýagdaýyny bermek teklip etdi. Sonra Türkmenistanyň Mejlisine konstitutsiýa giriziljek üýtgeşmeleri işlemek üçin komissiýasynyň döredilmelidigini aýtdy, we iki palataly mejlis we halk maslahat palatalaryny döretmek barada pikirini aýtdy.
Soňra Prezidentimiz Türkmenistanyň Daşary diplomatiýasynyň ösmeginde we berkemeginde edilen işler barada durup geçdi.
Maslahatda Prezidentimiziň gol çekmeginde “Türkmenistanyň gahrymany” we “Altyn Ay” atly medal bilen Turkmenistanyň BMG-nyndaky Hemişelik wekilli Aksoltan Ataýewa we Türkmenistanly Russiýa federatsiýasynyň raýaty kosmonawt Oleg Kononenko sylaglady