“Täze edebiýat” atly XIV Krasnoýarsk kitap medeniýet ýarmarkasynda geçirilen çekişmeleriň netijelerine esaslanyp “Nos” edebi baýragynyň eýeleriniň sanawy mälim edildi. Onda häzirki zaman rus ýazyjylarynyň on kitaby bar.
Däp bolşy ýaly, «Nos» edebi baýragynyň ýeňijileri emin agzalarynyň, bilermenleriň, edebiýatşynaslaryň we gyzyklanýan jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin çekişmede saýlandy. Gysga sanawda Polina Barskowanyň “Beklenen şahyrlaryň tekstleri we ykballary”, Alla Gorbunowanyň “Dünýäniň soňy, meniň söýgim”, “Ejekem” eserleri hem bar. Ondan başga-da bu abraýly baýragyň eýeleri hökmünde Ýewgeniýa Nekrasowa, Witaliý Terletskiniň “Itleriň ýurdy”, Mikita Frankonyň “Ömrümiziň günleri ”, Andreý Gogolewiň “Şaýatlyk”, Ragim Jafarowyň “Sato”, Alekseý Dýaçkowyň “Hani, BAM”, “Hakykat” eserleri hem mynasyp görlüpdir. Bulardan başga-da, Andreý Zaliznýagyň durmuşy eserleri, Mariýa Burasyň we Şamşad Abdulaýewiň “Başga bir günorta” kitaplary hem bu baýrakdan nesibeli bolmagy başardylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, “Krasnoýarsk kitap edebiýaty” ýarmarkasy neşirçileri, kitap paýlaýjylary we ýurduň merkezi sebitleriniň we Uzak Gündogaryň, Sibiriň we Uralyň şäherleriniň medeni jemgyýetini birleşdirmek üçin döredilen halkara taslamadyr. Bu ýyl ýarmarka 4-5-nji noýabr aralygynda onlaýn ýagdaýda geçirilýär. Şol günlerde çäreler, sergiler bilen wirtual pawilionlar, neşirýat öýleri we kitap täzelikleri ýarmarkanyň resmi web sahypasynda elýeterli boldy. Ýeňijileriň soňky çekişmeleri we baýraklary 2021-nji ýylyň başynda Moskwada gowşurylar.
Edebi baýrak «Nos». Ol Mihail Prohorow gaznasy tarapyndan 2009-njy ýylda – Nikolaý Gogolyň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli döredildi. Bu baýrak häzirki wagtda rus edebiýatynyň döwrebap tendensiýalaryny kesgitlemäge we goldamaga kömek edýän açyk diskussiýa meýdanyna öwrüldi.