Iňlis telekeçisi we multimillioner Deýl Wins aýda 1000-e çenli birmeňzeş tebigy göwher öndürmegi meýilleşdirýär. Ol munuň üçin uglerodyň ekologiýa taýdan arassa görnüşini işläp çykarmaga döredilen ýörite zawody gurdy.
Winsiň pikiriçe, bu taslama köp tarapdan alhimiýa ýakyn, sebäbi göwher döretmek üçin diňe howa we suw gerek. Önümçilik aýlawy himiki buglaryň çökmegine esaslanýar. “Göwher tohumy” ýörite gurnama ýerleşdirilýär, şol ýerde 8000 dereje temperaturada emeli göwher göni manyda ösdürilýär.
Şeýle hem, ýaňy-ýakynda “Air” kompaniýasy (ABŞ) diňe suw, howa we elektrik energiýasyny ulanyp alkogolly içgileriň önümçiligini başlandygyny habar berdi. Bu içgileriň bahasy 65 dollar töweregi bolar diýlip garaşylýar.