Artur Konan Doýlyň gahrymany derňewçi Şerlok Holmsyň Londonda «ýaşan» Beýker köçesindäki jaýy Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň maşgalasyna degişlidir. Times neşiriniň habaryna görä, Nursultan Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewa Beýker köçesindäki 221b jaýyň 90 göterimine eýelik edýär. Galan 10 göterimi ogly Nurali Nazarbaýewe degişlidir.

“Times” gazetiniň habaryna görä, Nazarbaýewler maşgalasynyň jemi 215 we 237 belgili öýleri we Baker köçesindäki ýeri bar.

Jaý 140 million ýewro satyn alan “Farmont Baker Street Limited” ady bilen resmi taýdan hasaba alyndy.

Mundan biraz öňräk Londonda Nursultan Nazarbaýewiň gyzyna we agtygyna degişli 100 million dollarlyk jaýyň konfiskasiýa edilendigi habar berilipdi. Kazyýet soňra emlägi konfiskasiýa etmek kararynyň bikanundygyny aýtdy.