Şu gün, ýagny 25.11.2020ý. senesinde dünýä futbolynyñ ýyldyzy, Argentinaly Diego Armando Maradona saglyk meselesi zerarly aradan çykdy.
Gysgaça agzap geçsek, Maradona 30.10.1960ý. senesinde Argentinada dünýä inýär. Ilki ýaşaýan ýerinde ýerleşýän Estrella Roja toparynda futbola başlady. Soñra Los Cebollitas toparynda, 16 ýaşanda bolsa profesýonal derejede Argentinos Juniors toparynda çykyş etmäge başlady. 1981-nji ýylda Boca Juniors toparyna transfer boldy.
Bu toparda özüni gysga wagtyñ içinde dünýä tanadanlygy üçin, 1982-nji ýylda 5 mln pounda, ýagny 8 mln ýewro rekord baha bilen Barcelona toparyna transfer boldy. Bu toparda Ispaniýanyñ Karolunyñ Kubogy we Super Kubogy alandygyna garamazdan, La Liganyñ Çempiýony bolmandyklary üçin Italiýanyñ Napoli toparyna ugradylýar.
1984-1991-nji ýyllar aralagynda Napoli toparyna taryhynyñ altyn döwrüniñ ýaşamagynda uly rol oýnan, elbetde, Maradonadyr. 1987, 1990-njy ýyllarda Seria-A çempiýonlyklaryny, Italiýanyñ Kubogyny, Super Kubogyny hem Napoli almagy başardy. Şeýle hem UEFA Kubogyny eýelediler. Soñraky ýyllarda Sevilla toparynda çykyş etdi.
1993-1994-nji ýylda ýurduna dolanyp gelen Maradona, Newell’s Old Boys toparynda çykyş eden bolsa, 1995-1997-nji ýyllarda täzeden Boca Juniors toparynda çykyş edip, aktiw oýunçylyk kariýerasyna nokat goýdy.
Elbetde, futbol durmuşynda tälimçilik wezipelerinde hem birnäçe gezek işläldi.
Başarnyklaryna gelenimizde bolsa, 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen Dünýä Kubogynda altyn medalyñ, 1990-njy ýylda Italiýada geçirilen Dünýä Kubogynda kümüş medalyñ eýesi bolmagy başardy. 1982-1986-1990-1994-nji ýyllarda geçirilen Dünýä kuboklarynda yzly-yzyna 21 duşuşykda göni 11 kişilik toparda oýna girmegi başardy, şeýle-de Dünýä kuboklarynda 16 oýunda toparyñ kapitany bolup, rekordyñ eýesi bolandyr. Milli topary bilen jemi 90 oýunda çykyş edip, 34 goly garşydaşlaryna geçirmegi başardy.
2000-nji ýylda FIFA tarapyndan Pele bilen Maradona “20-nji asyryñ futbolçysy” atly baýrak gowşuryldy.
Baýew Hudaýberdi