Hindistanyň Holi reňkler festiwaly

Aslynda Hindistanda dörän Holiniň hormatyna her ýyly reňkler festiwaly yzygiderli uly şatlyk-şowhun bilen geçirilip gelinýär. Şeýle-de bolsa, indi ony dünýäde müňlerçe adam belleýär. Bu baýramçylyk adamlar üçin ýaşaýşyň täzeden janlanmagynyň, bolçulygyň gaýdyp gelmeginiň nyşany hökmünde ähli baýramçylyklardan üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar.

Rio de Žaneýro Karnawaly

Dünýä belli Rio de Žaneýro Karnawaly ýer ýüzündäki iň uly festiwal hökmünde ykrar edildi. Festiwalda her gün iki million töweregi adam şäheriň köçelerine ýygnanýar. Bu Karnawalda ähli adamlar üýtgeşik eşikleri geýnip, dürli tanslary ýerine ýetirýärler.

“Ot ýakýan adam” festiwaly

Guşlaryň gözi bilen “Ot ýakýan adam” festiwaly (sözme-söz – “ýanýan adam”). Bu festiwalda ähli otlaryň sudury adam keşbinde ýakylýar. Festiwalyň iň gowusy ABŞ-da Newada çölünde gurnalypdy.

Gawaý adalarynyň 5000 müň çyra festiwaly

40,000 töweregi adam Gawaý şäherine 5000 çyrany görmek üçin gelýär. Gelip görýän myhmanlaryň synlaýan ajaýyp suratlary, olary bu ýere gaýta-gaýta gaýdyp getirýär.

Hindistanda yşyklar festiwaly

Gyz hindi hudaýy Haşşi görnüşinde nagyş emele getirýän palçyk çyralaryny ýakýar. Bu çyralar şeýle bir ajaýyp görnüşi emele getirýär welin, görmäge göz gerek. Fewtiwalyň iň oňat hasaplanany Hindistanyň demirgazygyndaky Çandigarh şäherinde geçirilipdi.

Buz baýramy

Hytaýyň Harbin şäherinde 7000-den gowrak suratkeş we işçi her ýyl buz festiwalyny geçirmek üçin gije-gündiziň dowamynda işleýär. Buz böleklerinden dürli hili heýkelleri ýasaýarlar.

Sapporo gar adamlar festiwaly

Her ýyl fewral aýynda ýedi gün dowam edýär. Bu fewtiwalda adaty bolmadyk gar adamlar ýasalýar. Ýene-bir aýratynlygy bolsa, festiwalda ýasalýan gar adamlaryň sany gaty köplügi bilen tapawutlanýar.