Halkara futbol federasiýasy (FIFA) özüniň saýtynda ýylyň iň gowy oýunçysy, derwezebany we tälimçisi baýraklaryna dalaşgärleriň gysga sanawyny ýerleşdirdi. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.
Iň gowy oýunçy baýragyna dalaşgärler: Tiago Alkantara (Ispaniýa, “Bawariýa”/”Liwerpul”), Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa, “Ýuwentus”), Kewin de Brýoýne (Belgiýa, “Mançester Siti”), Robert Lewandowskiý (Polşa, “Bawariýa”), Sadio Mane (Senegal), Mohamed Salah (Müsür) we Wirjil wan Deýk (Niderlandiýa) (ählisi “Liwerpul”), Kilian Mbappe (Fransiýa) we Neýmar (Braziliýa) (ikisi hem – “Pari Sen-Žermen”), Lionel Messi (Argentina, “Barselona”), Serhio Ramos (Ispaniýa, “Real”).
Iň gowy tälimçi adyna Marselo Býelsa (Argentina, “Lids”), Hans-Diter Flik (Germaniýa, “Bawariýa”), Ýurgen Klopp (Germaniýa, “Liwerpul”), Hulen Lopetegi (Ispaniýa, “Sewilýa”) we Zinedin Zidan (Fransiýa, “Real”) dalaş eder.
Ýylyň derwezebany üçin dalaşgärleriň sanawy şundan ybarat: Alisson (Braziliýa, “Liwerpul”), Keýlor Nawas (Kosta-Rika, “Pari Sen-Žermen”), Tibo Kurtua (Belgiýa, “Real”), Manuel Noýer (Germaniýa, “Bawariýa”), Ýan Oblak (Sloweniýa, Madridiň “Atletikosy”), Mark-Andre ter Ştegen (Germaniýa, “Barselona”).
Ferens Puşkaş baýragy (iň gowy gol) üçin dalaş edýärler: Şirli Krus, Jorjian de Arraskaeta, Jordan Flores, Andre-Pýer Žinýak, Sofi Ingl, Zlatko Ýunuzowiç, Hlomfo Kekana, Son Hyn Min, Leonel Kinýones, Luis Suares, Kerolaýn Weýr.
Ýeňijiler ähli milli ýygyndy toparlaryň kapitanlarynyň we baş tälimçileriniň ses bermegi, janköýerleriň onlaýn sesleriniň we KHBS-iň 200-den gowrak wekili bilen geçirilen pikir soraşmanyň jemi boýunça kesgitleniler. Ses berme 25-nji noýabrda başlady we 9-njy dekabrda tamamlanar. Dalaşgärleriň soňky üçlügini FIFA 11-nji dekabrda yglan eder. Baýrak gowşurylyş dabarasy 17-nji dekabrda onlaýn görnüşinde geçer.