«Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi.

Türkmenistan daşky gurşawyň goragyny ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde kesgitleýär.

Ekologiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça koreý tarapy bilen durmuşa geçirilýän özara hereketler, şol sanda Türkmenistanda tokaý hojalygy we howanyň hiline monitoring ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi.

R.Meredow Aral deňziniň guramagynyň Merkezi Aziýanyň derwaýys ekologiýa meseleleriniň biri bolup durýandygyny ýatlatdy, çünki ol kem-kemden global ähmiýete eýe bolýar we adamyň saglygyna düýpli ýaramaz täsirini ýetirýändir. Türkmenistan bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine çagyrýandyr.