26-njy noýabrda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul şäherindäki Sebitleýin Merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňünden duýdurylmagy: sebitleýin ösüş hem-de geljege tarap ýol» atly ýokary derejeli maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça häzirki tagallalaryň netijelerine aýratyn üns berdiler. Has netijeli sebitleýin strategiýalaryň gözlenilmegi üçin hyzmatdaşlygy we özara hereketleri giňeltmegiň zerurlygy nygtaldy.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy zorlukly ekstremizmiň aýratyn alnan düzümlerine garşy göreşmekde ygtybarly esas bolup biljek bitaraplygyň ähmiýetini aýratyn belledi. Şu nukdaýnazardan, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bitaraplygyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça halkara hukuk binýadynyň giňeldilmegi babatynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny aýratyn nygtamak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” diýen Kararnamanyň taslamasyny belläp geçdi.
W.Hajiýew ýurtda 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasyna hem-de 2021-nji ýylda durmuşa geçirilmeginiň dördünji tapgyryna geçýän Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň kadalaryna esaslanmak arkaly, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Global strategiýasynyň sebit çygrynda durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady.