Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary saýasynda Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni üstünliklere, ösüşlere, belent sepgitlere eýe bolýar. Watanymyzyň rowaçlyklaryna şekillendiriş sungatynyň wekilleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly XXV ýyllyk toýuna ýaş suratkeşler baýramçylyk sowgadyny taýýarlapdyrlar.
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 1-nji dekabrynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Gujurly ýaşlar” atly sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sergä ýokary okuw mekdebimiziň zehinli talyplary we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän uçurymlarymyzyň nakgaşlyk, grafika, heýkel, dizaýn, binagärlik, amaly-haşam sungatyna degişli eserleri hem-de sungaty öwrenijileriň taýýarlan albomlary, kitapçalary we kataloglary görkezildi.
“Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary” atly sergide nakgaşlyk eserleri dürli öwüşginligi bilen saýlanýar. Olardan Bägül Artykowanyň “Döwrebap bilim alýarys”, Baýram Mämiýewiň “Obam”, Ruslan Abdullaýewiň “Gökdepe obasy”, Rüstem Haýydowyň “Bahar”, Gurbanjemal Almanowanyň “Gözel Aşgabat”, Oraz Gökowyň “Bagtly durmuş” ýaly birnäçe eserleri ýüze çykarmak bolar. Oraz Gökowyň “Bagtly durmuş” eseri sadalykdan, parahatçylykdan, asudalykdan habar berýän ak reňk esasy orun tutýar. Taslamanyň birinji meýilnamasynda stoluň üstünde ýerleşdirilen ak güller görkezilýär. Yzky meýilnamasynda bolsa ak köýnek bilen bezelen türkmen gözeli şekillendirilipdir. Ol açyk penjiräniň öňünde durup, mähir bilen güllere syn salýar. Eseriň yzky meýilnamasynda penjireden Bitaraplyk binasy şekillendirilýär. Tawus Mämmedowanyň “Küştdepdi” eserinde toý toýlaýan ýaşlar görkezilýär. Olar sirkiň sahnasyna çykyp, türkmen bedewleri bilen sazlaşykly küştdepdiniň hereketlerini çalasynlyk bilen ýerine ýetirýärler.
Sergide grafika eserleri hem özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, olarda Bitarap Türkmenistanyň waspy şöhlelendirilýär. Ogulşirin Jumageldiýewanyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” triptihi, Şarofat Mätniýazowanyň “Bitarap Türkmenistan”, Aýlar Akynowanyň “Bagtyýar çagalyk”, Oguljan Allagulyýewanyň “Parahatçylygyň waspy”, Gülşat Annamyradowanyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”, Myratberdi Jumaýewiň “Bagtyýar çagalar”, Merjen Bäşimowanyň “Ak şäherim Aşgabat”, Bahar Tekebaýewanyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”, Maýsa Amandurdyýewanyň “Sagdyn durmuş ýörelgesi – Arkadagyň göreldesi”, Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň “Bitaraplygyň waspçylary” atly eserlerinde ýurdumyzyň Bitaraplygyny we asuda, parahat durmuşymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesi suratlandyrylýar.
Bahar Tekebaýewanyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly eseri grafika sungatynyň plakat görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Bu eserde Bitaraplyk binasy suratlandyrylyp, yzky meýilnamasynda Ýer şarynyň sudury we onuň daşyndan aýlanýan zeýtun baldajyklary görkezilýär. Bu bolsa Türkmenistan Watanymyz Bitaraplygyny bütin dünýä ýüzüne ýaýandygyny aňladýar. Söhbet Gylyjow “Sungatda öçmejek yz galdyran halypa” atly eserinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Maýa Kulyýewanyň keşbi galam bilen çekilen. Yzky meýilnamasynda teatr sungatynyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan perdeler, nykaplar we sahna görkezilip, Maýa Kulyýewanyň teatr sungatyna ömrüni baglan ynsandygyny beýan edýär. Bu sergide diňe bir nakgaş, grafika eserlerinden başga-da heýkeltaraşçylyk sungatynyň eserleri hem bar. Olardan Serdar Jumaýewiň “Saz”, Kerim Soltanowyň “Göroglynyň döreýşi”, Muhammetmyrat Muhadowyň “Asudalyk”, Maksat Bazarowyň “Parahatçylygyň buýsanjy” ýaly täsir galdyryjy we parahat durmuşymyzy wasp ediji heýkel eserlerini görmek bolýar.
“Gujurly ýaşlar” atly sergi binagärlik gurşawy, dizaýn bezegleri hem-de milli sungatymyz bolan amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen baýlaşdyrylan. Binagärlik sungaty boýunça ýaş talyplar birnäçe tehnologiki binalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň we jemgyýetçilik merkezleriniň taslamasyny görkezýärler. Mundan başga-da, el hünärleri bilen bagly dizaýn eserleri hem köp tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Olardan Aýşa Seýidowanyň “Asudalyk mekany”, Aýgözel Ataýewanyň “Tebigatyň gözelligi”, Aksoltan Rahmedowanyň “Berkarar Watanym” ýaly eserlerini bellemek bolar.
Amaly-haşam sungatyna degişli eserlerde bolsa haly, keramika we zergärçilik eserleri saýlanýar. Milli sungatymyzyň, medeni mirasymyzyň däpleriniň dowam edýändigini Allamyrat Annamyradowyň “Köneürgenç nagyşlary”, Käkilik Sytdyhowanyň “Parahatçylyk tansy” ýaly keramika eserler döredijilige öwüşginlilik berýär. Arslan Ýazmämmedowyň “Küştdepdi”, Gülnabat Haşyrowanyň “Bitaraplygyň nagşa siňen waspy”, Gunça Hudaýberdiýewanyň “Bäş welaýat bir jem bolup, dünýä haýran Türkmenistan” ýaly haly eserlerinde türkmen nagyşlarynyň dürli görnüşleri peýdalanylýar. Milli zergärçiligimiziň çeperçilik özboluşlylygy we täze dizaýn Akjagül Jumaýewanyň “Küştdepdi”, Gunça Jabbarowa “Bitaraplygyň waspy”, Abraý Annaýewiň “Rowaçlygyň waspy” ýaly zergärçilik eserlerde şöhlelenýär.
Sergä gelen tomaşaçylara ýaş sungaty öwrenijileriň taýýarlan kitapçalary, albomlary we kataloglary hödürlenildi. Olardan Maksat Çerkezowyň “Garaşsyzlyk binasynyň çeper çözgüdi”, Ýazgül Beginýazowanyň “Türkmen keramika sungatynda nagyşlar”, Jumagül Myradowanyň “Garaşsyz Türkmenistanyň taryhy nakgaşlygy”, Çemen Wolsähedowanyň “Garaşsyz Türkmenistanyň nakgaşlygynda täze obanyň waspy”, Güljemal Süleýmanowanyň “Bitarap Diýarymyzyň sungatynda bagşy-sazandalaryň keşbi”, Çemen Weliýewanyň “Bitarap Watanymyzyň milli peýzažy”, Ogulbahar Nurgeldiýewanyň “Çary Amangeldiýewiň döredijiligi”, Gülnar Kurbanmuhammedowanyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” (Aşgabat şäheriniň binalarynyň mysalynda)” ýaly kitapçalarynda ýaş alymlaryň türkmen sungaty baradaky garaýyşlary beýan edilýär.
“Bitarap Watanymyzyň gujurly ýaşlary” atly sergide görkezilen eserleriň ählisi baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerinden ruhlanýan ýaş suratkeşleriň ýürek joşgunydyr.
Maýsa Ataýewa,
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň
5-nji ýyl talyby.