«Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçary koronawirus pandemiýasy sebäpli uçuşlar togtadylandan soň, Stambulda galmaga mejbur bolan watandaşlarymyzy Türkmenabat halkara howa menziline getirdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda, gelen ähli raýatlar hökmany karantinden geçerler.

Mundan öň Türkmenistanyň hökümeti «COVID-19» pandemiýasynyň ýaýramagy sebäpli daşary ýurtlardan gaýdyp bilmedik watandaşlarymyzy yzyna gaýtarmaklyk üçin Hindistandan, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan we Tatarstandan Türkmenabat halkara howa menziline çarter uçuşlaryny gurady.

Biziň raýatlarymyzyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we Özbegistandan getirilmegi hem tertip boýunça guraldy.