Iňlisleriň “Liwerpuly” Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji aýlawyndaky oýnunda gollandiýaly “Aýaks” toparyndan üstün çykdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlandy.

“Liwerpul” 12 utuk bilen “D” toparçada birinji orny eýeledi. Toparçadaky beýleki ugurdaş oýunda italýaly “Atalanta” 1:1 hasabynda daniýaly “Mitýulland” bilen deňme-deň oýnap, ikinji orunda (8 utuk) ýerleşdi. Üçünji (7) orunda “Aýaks”, soňky orunda bolsa daniýaly topar barýar (1).

“A” toparçadaky oýunda “Atletiko” we “Bawariýa” (1:1) deňme-deň oýnadylar, “Bawariýa” ozal 13 utuk toplap, toparçada möhletinden öň birinji orny eýeläpdi. Toparçanyň başga bir oýnunda Moskwanyň “Lokomotiwi” Awstriýanyň “Zalzburgyndan” (1:3) utuldy we ýaryşyň final oýunlaryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

“B” toparçadaky oýunda italiýaly “Inter” Mönhengladbahly” Borussiýany” (3:2) ýeňdi, ukrainaly “Şahtýor” bolsa Ispaniýanyň “Real” toparyny (2:0) ýeňdi. Häzir toparçada “Borussiýa” öňdeligi eýeleýär (8), ondan soň “Şahtýor” (7), “Real” (7) we “Inter” (5) gelýär.

“C” toparçada fransiýaly “Marsel” Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 13 gezek ýeňlişe sezewar bolup, antirekord goýandan soň, grekleriň “Olimpiakosyny” 2:1 hasabynda ýeňdi, “Mançester Siti” bolsa Portugaliýanyň “Porto” topary (0:0) bilen deňme-deň oýnap, 13 utuk bilen sanawda möhletinden öň birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýerde Porto (10), ondan soň “Olimpiakos” (3) we “Marsel” (3) gelýär.