Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşy üçin möhüm ähmiýeti bolan meselä ünsi çekdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň esas goýujy hukuk binýady bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgermeler bilen bagly 2008-nji we 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi.
Bu bolsa, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz konstitusion özgertmeleriň dowam etdirilmeginiň jemgyýetçilik durmuşynyň käbir taraplaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etmegiň zerurdygyny görkezýändigini aýtdy.
Dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejribäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berer, hukuk ulanyş tejribesinde gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga şert döreder, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ýakyn gatnaşyklaryny ýola goýmagyna, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça Konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky Permana gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisine bu Toparyň ýanynda degişli iş toparyny döretmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz Konstitusion topara kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan döwlet wekilçilikli edarasynyň düzümini kämilleşdirmek we iki palatadan ybarat bu häkimiýetiň öňünde durýan wezipeler bilen bagly teklipleri 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynda seretmäge bermegi teklip etdi.