Türkmen döwlet habarlar gullugynyñ beren habaryna görä, Italiýa Respublikasynyñ Prezidenti Serjio Mattarella Türkmenistan döwletimiziñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyñ adyna hat ugratdy.
Esasan hem, hatda şeýle beýan edilýär:
«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Luçano Gallini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
Oňa mahsus bolan ýokary şahsy häsiýetleri özüniň ýokary wezipesini ýerine ýetireninde, Siziň Alyhezretiňiziň hormat-sarpasyna hem-de ynamyna mynasyp boljakdygyna mende ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Italiýanyň adyndan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn hem Size meniň adymdan hem-de italýan halkynyň adyndan hakyky dostluk baradaky ynandyrmalary hem-de Size we Siziň halkyňyza rowaçlyk baradaky arzuwlary ýetirende, oňa ynanmagyňyzy haýyş edýärin.»
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Gallini 04.12.2020ý. senesinde kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
TOHU-nyñ talyby Tirkiş Bagşyýew.