Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda türkmen paýtagtyny Awstriýanyň paýtagty Wena şäheri bilen birleşdirýän wideoköpri geçirildi.
Iki paýtagtyň arasyndaky wideosöhbetdeşlikde hem bu jemgyýetiň başlygy Wena şäherine wekilçilik edip, awstriýalylaryň adyndan milli Liderimizi we türkmen halkyny ýetip gelýän baýramçylyklar – Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy bilen gutlady.
Bilelikdäki guramanyň ýolbaşçysy hökmünde ol döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda medeni çäreler arkaly ilerletmek üçin amatly gurşawyň döredilmegine goşant goşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Soňra duşuşyk hemmelere düşnükli – sazyň dilinde dowam etdi. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlap Iogann Ştrausyň “Ajaýyp mawy Dunaýda” diýen wals sazyny ýerine ýetirdi, bu wals sazy Awstriýanyň resmi däl senasy hasap edilýär hem-de däp boýunça Täze ýyl Wena konsertinde ýerine ýetirilýär.
“Galkynyş” Türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň Wena düzümi R.nepesowyň “Fantaziýa” eserini hem-de W.A.Mosartyň “Gijeki serenada”… eserinden bir bölegi ýerine ýetirdi.
Şu ýyl Awstriýa Respublikasynyň hem Bitaraplygynyň 65 ýyllygyny belleýändigini nygtamak gerek.