Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin çykdajylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryny we konsullyk edaralaryny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawlary tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girýär.