«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiki ekspedisiýasynyň geologlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda agyz suw ýataklaryny tapdylar. Hünärmenleriň pikiriçe, “Çopanýap” we “Çagatýap” täze ýataklary Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly ilat nokatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini çözmäge kömek eder. Bu barada oilsgas.gov.tm habar berýär.

Geologiki gözlegleriň netijesinde hünärmenleriň Köpetdag dag eteklerinde we Balkan düzlüklerinde ýerasty süýji suw çeşmeleriniň bardygy baradaky çaklamalary tassyklanyldy.

Balkanabadyň gidrogeologiki ekspedisiýasynyň geologlary Serdar etrabynda “Çukur” süýji suw ýatagyny tapdylar. Täze çeşme Hojagala, Bendesen, Çukur, Ajydere ilat nokatlaryny agyz suwy bilen üpjün edip bilýär.

Magtymguly etrabynda “Arçaly” süýji suwunyň täze ýatagynyň tapylmagy Könekesir, Daýna we Çukur obalarynyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün eder.