Günorta Koreýanyň hökümeti esasy pop ýyldyzlarynyň goşuna gitmegini gijikdirilmegine rugsat berdi. “BTS” toparyň düzümi ýene-de 2 ýyl saklap biler.

BBC habarlar gullugynyň habaryna görä, Günorta Koreýanyň parlamenti esasy pop ýyldyzlarynyň harby gullugyny gijikdirmegine rugsat berýän kanun taslamasyny tassyklady.

Günorta Koreýada 18 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky ýigitleriň hemmesi harby gulluk etmeli. Hereket edýän kanunlara görä, meşhur aktýorlara, türgenlere we nusgawy sazandalara 30 ýaşa çenli harby gullugy yza süýşürmäge rugsat berilýär.

Täze düzedişe laýyklykda, “meşhur medeniýetde we sungatda üstünlik gazanan” estrada aýdymçylaryna 30 ýaşyna ýetýänçä goşuna girmäge rugsat berilmez. Şeýle rugsat Medeniýet ministriniň teklibi bilen orta atyldy.

Üýtgeşmeler sebäpli “BTS” pop topary düzümini ýene iki ýyl saklap biler. Toparyň iň garry agzasy 4-nji dekabrda 28 ýaşyny doldurýar; köne düzgünlere laýyklykda ýylyň ahyryna çenli goşuna gitmelidi- indi onuň gulluk borjy gijikdirilip bilner.

Maglumat üçin, “BTS” sentýabr aýynda ABŞ-nyň “Billboard 100” diagrammasyna çykan ilkinji aç-açan taslamada hem ýeňiji bolupdy.

Şu ýylyň aprel aýynda “Tottenhamyň” hüjümçisi Son Hýun Miniň Günorta Koreýada harby tälim aljakdygy habar berildi. 2018-nji ýylda Son Günorta Koreýa bilen Aziýa oýunlarynda ýeňiş gazandy we öwezine harby gullugyndan boşadyldy. Şeýle-de bolsa, oýunçy gysgaldylan harby türgenleşik geçmeli bolupdy.