Koronawirus ýokançlygynyň ýaramaz netijelerinden biri wagtyndan öň garramak bolup biler. “RBK”-nyň habaryna görä, muny Jorj Mason uniwersitetiniň ulgamlaýyn biologiýa mekdebiniň professory Ança Baranowa mälim edýär.
“Koronawirus bizi garramaga ýakynlaşdyrýar. Ol biziň resurslarymyzy elimizden alýar we garramagy tizleşdirýär”-diýdi.
Noýabr aýynda lukmanlar toparynyň ýeňil we orta koronawirus ýokançlygy bolan adamlaryň saglygynyň gözegçiligi netijeleri çap edildi. Käbir içki organlaryň patologiýasy näsaglaryň 70% -de ýüze çykaryldy. Iň ýaýrawly sökellikler ýagly gepatoz (bagryň çişmegi) we aşgazan asty mäziniň ýagly degenerasiýasydyr. Biologyň pikiriçe, bu kesel 60 ýaşdan uly adamlarda has ýygy duş gelýär, ýöne koronawirusa ýokaşan adamlar toparynda 40 ýaşynda hem ýüze çykýar.
Şeýle-de bolsa, Baranowa şeýle gözlegleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy, sebäbi COVID-19-nyň ýaramaz täsirleriniň hemmesi entek öwrenilmedi.
Ondan öň ABŞ-ly alymlar koronawirusyň esasan dem alyş ulgamyna täsir edýändigi baradaky çaklamanyň nädogry bolandygyny aýtdylar. Bulardan lukmanlar başga-da ýokançlygyň ýürek, bagyr we böwrek işine hem uly täsir edendigini anykladylar. COVID-19 keseli bolan adamlarda gan gitmesi, kelleagyry we baş aýlanmagy hem bolup biler.