Saçyň kadaly ösmegi üçin zerur bolan B12 witamini köplenç bedende ýetmezçilik edýär. Bu barada iňlis trihology Flipp Kingsli “Korrespondent.net”-de habar berýär

Hünärmeniň pikiriçe, B12 nerw ulgamynyň işleýşini, saçlaryň ösüş derejesini, olaryň iýmit bilen kadaly üpjünçiligini gowulandyrýar. Ol bedende DNK öndürmekde möhüm rol oýnaýar. B12 gyzyl gan öýjükleri üçin hem möhümdir we ol dokumalary we saç follikulalaryny kislorod bilen üpjün edýär.

Saçda B12 ýeterlik bolmasa, saç ýeterlik kislorod almaýar we netijede adaty ösüş saklanýar we düşüp başlaýar. Bu witaminiň ýetmezçiligini ýörite goşundylar we beýleki önümler bilen bejermek mümkinçiligi bar.

Towuk eti, bagyr, ýumurtga, losos balygynyň eti, süýt, soýa goýaltmasy, bugdaý unundan we hamyrmaýa goşundyly önümlerden taýýarlanan iýmitler hem B12 witamininiň esasy çeşmesidir.