Ýaponiýa 2030-njy ýylyň ortalarynda benzin bilen işleýän täze awtoulaglary satuwdan çykarar. Bu barada “NHK” teleýaýlymyna salgylanyp, “Motor” habar berýär.

Bu karar Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýosihide Suginiň uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny 2050-nji ýyla çenli nola çenli azaltmak meýilnamasynyň bir bölegidir. Taslama ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi tarapyndan taýýarlanýar. Taslama ýylyň ahyryna çenli ara alyp maslahatlaşmaga taýýar bolar.

Bu gadaganlyk girizilse, ýurtda 10-15 ýyldan diňe elektrikleşdirilen we gibrid awtoulaglary satmaga rugsat berler, içerki ýangyç hereketlendirijileri bolan adaty awtoulaglar gadagan ediler.

“Boston Cunsulting Group” 2030-njy ýyla çenli Ýaponiýada elektrik awtoulaglarynyň paýynyň 55 göterime çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Batareýa bilen işleýän awtoulaglara isleg, batareýanyň kuwwatdan doldurylmagynyň bahasy garaşylýandan has arzan düşýändigi sebäpli ýokarlanýar.